Soňky habarlar

Arhiw

Döwletmämmet Azadynyň eserleriniň sözlügi çap edildi

10:5104.05.2022
0
4255
Döwletmämmet Azadynyň eserleriniň sözlügi çap edildi
Surat: Türkmenmetbugat

Golaýda alym Haýdar Muhyýewiň şahsy arhiwinde golýazmasy saklanyp galan «Döwletmämmet Azadynyň eserleriniň sözlügi» atly kitaby çap edildi. Magtymguly Pyragynyň kyblasy Döwletmämmet Azadynyň eserleriniň diline düşünmegi ýeňilleşdirmekde halk köpçüligi üçin peýdaly gollanma boljak kitap Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda neşire taýýarlanyp, «Ylym» neşirýatynda çap edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Sözlügiň başynda filologiýa ylymlarynyň kandidaty Rahmanberdi Godarowyň «Halypanyň halypasy» atly makalasy ýerleşdirilipdir. Onda Döwletmämmet Azadynyň ömri we döredijiligi, Magtymguly Pyragynyň kemala gelmegindäki orny hakynda giňişleýin gürrüň edilýär.

Mälim bolşy ýaly, XVIII asyra çenli türkmen edebiýatynda kitaby usulda goşgy ýazmak, eser döretmek ýoň bolupdyr. Döwletmämmet Azady hem şol däbe eýeripdir. Şoňa görä, onuň eserlerinde arap, pars, çagataý sözleri köp ulanylýar. Halypa alym Haýdar Muhyýewiň belleýşi ýaly, türkmençe sözleriň hem kitaby dilde, ýagny umumy türki dile mahsus röwüşde ýazylmagy, olaryň belli bir derejesiniň arap, pars dilleriniň izafet baglanyşygynyň kadasyna laýyklykda ulanylmagy hem eseriň diliniň halk köpçüligi üçin düşnükli bolmagyny kynlaşdyrýar.

Täze kitapda 2500-den gowrak sözdür söz düzümlerine düşündiriş berilýär. Olaryň Garry mollanyň eserlerinde duşýan ýerleri mysallarda görkezilýär. Sözler Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat», «Behiştnama», «Hekaýaty — Jabyr ensar» ýaly meşhur eserlerinden alnypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň