Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ýeňiş gününe bagyşlanan sergi açyldy

17:5203.05.2022
0
6134

Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli «Watan mertleri baky ýaşar» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Bu barada jeyhun.news web saýtynda habar berilýär.

Sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan esgerleriň gahrymançylyklaryny suratlandyrýan eksponatlar goýlupdyr. Esgerleriň hatlary, uruş döwründe çap edilen gazetleriň, urşuň bolan ýerlerini görkezýän kartalar şol döwür barada düşünje berýär. Şeýle-de, gazaply uruş döwründäki esgerleriň geýen eşikleri, ýag çyralary, ütükler, meýdan telefonlary, fotoappatlar, ýantorbalar sergide orun tutýar.

Mundan başga-da, sergide fronta kömek iberilen şaý-sepleriň we ýyly egin-eşikleriň, haly önümleriniň fotosuratlary, tikin maşyny, el işleri, patefon, ordenler, medallar görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň