Soňky habarlar

Arhiw

Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda täze eser sahnalaşdyryldy

10:4803.05.2022
0
1393

Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda özbek dramaturgy Nurullo Abboshonyň pýesasy esasynda «Körpe gelin» spektakly sahnalaşdyryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

«Körpe gelin» spektakly Türkmenistanyň teatrlarynyň sahnalarynda birnäçe gezek sahnalaşdyryldy. Bu özboluşly gülkili oýun Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda goýuldy. Häzirki wagtda hem tomaşaçylara görkezilýär. Sahnany goýujy her bir režissýor ogullar we gelinler baradaky könelmeýän mowzugy barada öz pikirini beýan edýär.

Ugurtapyjy gaýyn ene Karimanyň öz ogly üçin saýlan sada oba gyzy Mähribanyň ykbaly tomaşaçylaryň kalbynda täze-täze seslenme tapýar. Ýagdaý öz-özünden gülki döredýär. Ogly Bagtyýar sesini çykarmasa-da, ejesiniň saýlan gyzyndan närazydygy bildirýär. Ýaş gelniň egin-eşiginden başlap, onuň ýörişine çenli hiç zat oňa ýaramaýar. Ýüregi ýuka Karima gyza kömek etmek mümkinçiligini sypdyrman ýagdaýy öz eline alýar.

Özbek dramaturgynyň pýesasy türkmen teatrlary üçin täzelik däl. Muňa garamazdan oýny goýujy režissýor Gurbanberdi Hallowow spektakla täzeçe çemeleşip, ondaky dartgynly wakalara dramatizmiň äheňlerini goşmaga çalyşypdyr.

Teatryň sahna bezegçisi Merdan Çaryýewiň işi belläp geçmeklige mynasypdyr. Sahnany bezemek işleri alty aýlap dowam edipdir. Dostluk halkyň milli baý medeni bölegi bolan milli özbek egin-eşikleri öwrenilipdir. Şonuň üçin oýun şowly we gyzykly çykypdyr. Tiz wagtda «Körpe gelin» spektakly Marynyň teatr repertuarynda öz ornuny eýelär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň