Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow «Kitçiniň» AFK-nyň Çempionlar ligasynda pleý-offlara çykmagy bilen bagly pikirlerini paýlaşdy

23:5701.05.2022
0
4392

Gonkongyň «Kitçi» futbol toparynyň türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow toparyň AFK-nyň Çempionlar ligasynda pleý-off tapgyryna çykmagy bilen bagly pikirlerini paýlaşdy.

«Kitçiniň» taryhynda ilkinji gezek bu üstünligi gazanmagy Gonkongyň futboly üçin hem uly täzelikdir. Kimdir biri taryhy öwredýär, kimdir biri bolsa ony ýazýar. Bularyň ikinjisi has ýakymly. Şu döwürde ýanymda bolan ähli ýakynlaryma hoşallyk bildirýärin. Maňa Türkmenistandan hem köp sanly gutlaglar geldi, ähli ýakynlarymyň meni goldandygy üçin minnetdardyryn. Mundan beýläk hem ynamyňyzy goraryn» diýip, tejribeli ýarym goragçy jemgyýetçilik torlarynyň birindäki hasabyndan ýazdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň