Soňky habarlar

Arhiw

«Wissel Kobe» bilen deňme-deň oýnan «Kitçi» taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy

18:5601.05.2022
0
4689

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çäginde Taýlandyň Buriram şäherinde geçirilen duşuşykda Gonkongyň «Kitçi» futbol topary Ýaponiýanyň «Wissel Kobesi» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.

Türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow «Kitçide» başlangyç düzümde meýdana çykdy we ýene bir gezek gowy oýny bilen janköýerleriň söýgüsini gazandy.

Bu deňlik «Kitçä» toparçada ikinji orny eýeläp, ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmak üçin ýeterlik boldy.

«Kitçiniň» taryhynda ilkinji gezek şeýle üstünligi gazanandygyny ýatladýarys.

Umuman, «J» toparçadaky duşuşyklarda «Wissel Kobe» 8, «Kitçi» 7, «Çiangraý Ýunaýted» 1 utuk toplap bildi. Hytaýyň «Şanhaý Port» topary bolsa ýaryşa gatnaşmady.

Ýaryşyň Gündogar sebitindäki 1/8 final duşuşyklary şu ýylyň 18 ― 19-njy awgust günlerinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň