Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

17:4530.04.2022
0
11409

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Gutlag haty «Türkmenistan» gazetinde neşir edildi.

Gutlag hatynda döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we egsilmez gujur-gaýrat, alyp barýan işinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň