Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Annanas» haryt nyşanly örülen aksessuarlara bolan isleg barha artýar

09:0230.04.2022
0
15250

Soňky wagtlarda «Annanas» haryt nyşanly örülen bezeg aksessuarlary döwrebap bezeglere üns çekýänleriň arasynda uly gyzyklanma eýe boldy.

Iki ýyl mundan ozal el işleriniň önümçilik çygrynda peýda bolan bu önümler örme aksessuarlarynyň gymmatyna düşünýänlerde özboluşly seslenme döredip, täzeden-täze önümlerini ýetirdi.

Bu haryt nyşanly el işlerini ýola goýan we olaryň önümçiligini esaslandyran Anna Sultanowa örme aksessuarlary bilen 2019-njy ýylda meşgullanyp başlady. Häzirki zaman modasyna we jemgyýetiň isleglerine kybap gelýän örme aksessuarlaryny örüp başlamak ony bu kär bilen has içgin meşgullanmaga ruhlandyryp, soňlugy bilen bu ugurda ýörite iş alyp barmaga, jutdan, şpagatdan we poliefirli bagdan «Annanas» haryt nyşany bilen aksessuarlary döretmäge itergi berdi.

Jut dokma süýümi barada aýdylanda bolsa, ol jut ösümliginden alynýar. Soňky wagtlarda bu material dizaýnerler we modelýerler tarapyndan uly isleg bildirilýän çig mal bolup, ol döwrebap bezeglerde giňden ulanylýar.

«Annanas» haryt nyşanly el önümleriniň dokalmagynda esasy üns gelin-gyzlaryň sumkalary, kosmetika gaplary ýaly aksessuarlara, şeýle-de sargyt esasynda taýýarlanylýan önümlere gönükdirilýär. El önümleriniň ýene bir ugruny öý üçin niýetlenen bezegler düzýär. Olardan bezeg güldanlaryny, kiçi halyçalary, dürli görnüşdäki we ululykdaky organaýzerleri, asma sebetleri we ş.m bezegleri mysal getirmek bolar.

«Annanas»-da döredijilikli hünärmenler zähmet çekýärler. Şol sebäpden hem olar eýýäm bar bolan kysmy önümleri örmek bilen çäklenmän, müşderiniň haýyşy boýunça harydyň reňk aýratynlygyny, ululygyny üýtgedip, teklip edilýän isleg boýunça täze görnüşli, alyjy üçin has täsirli bezegleri döredip bilerler. Bu ýerde fantaziýany, döredijilik mümkinçiliklerini çäklendirmezlik bilen birlikde, bu aýratynlyklara uly ähmiýet berýärler.

Habarlaşmak üçin salgylar:

  • (+993 64) 89 83 53;
  • (+993 65) 65 03 70.

Sosial ulgamdaky hasaby.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň