Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy maý aýyndaky iş günlerine üýtgeşme girizdi

00:0528.04.2022
0
13266

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Telegram sahypasynda maý aýynda bellenilýän baýramçylyklar bilen baglylykda iş tertibiniň üýtgedilendigini habar berdi.

Baýramçylyk günleri mynasybetli Russiýanyň ilçihanasynyň Konsullyk bölümi şu aşakdaky tertipde işlär.

  • 30-njy aprelden 1,2,3-nji maý — iş güni däl;
  • 4, 5, 6-njy — maý iş günleri;
  • 7, 8, 9, 10-njy maý — iş güni däl.

11-nji maýdan Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümi adaty tertipde işlär.

1-nji maýda Russiýanyň Bahar we Zähmet baýramy, 9-njy maý Ýeňiş gününi baýram edýändigini bellemek gerek Russiýanyň Hökümetiniň 2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda çykaran 1564 belgili kararyna laýyklykda 2022-nji ýylda şu görkezilen baýramçylyklaryň seneleri üýtgedildi: 1-nji ýanwar şende günüden 3-nji maý sişenbe gününe, 2-nji ýanwar ýekşenbeden 10-njy maý sişenbä geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň