Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanow AFK-nyň Çempionlar ligasynda het-trik eden ilkinji türkmenistanly futbolçy boldy

14:2527.04.2022
0
17572

«Ahalyň» ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow AFK-nyň Çempionlar ligasynda het-trik eden ilkinji türkmenistanly futbolçy hökmünde taryha girdi. Ol ýaryşyň jemleýji tapgyrynda Kataryň «Al-Garafasynyň» derwezesine üç pökgi geçirdi.

32 ýaşly futbolçy 8-nji we 70-nji minutlarda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, 80-nji minutda oýun pursatynda tapawutlandy.

Bu duşuşygyň «Ahalyň» peýdasyna 4:2 hasabynda tamamlanandygyny ýatladýarys.

Şeýlelikde, Amanow AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2022-de iň kän tapawutlanan futboçylaryň ilkinji dörtlügine girdi.

Onuň 2019-njy ýylda Daşkent şäheriniň «Lokomotiwiniň» düzüminde hem yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşyna gatnaşandygyny ýatladýarys. Ol 6 duşuşykda 348 minut eýdanda galypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň