Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde sanly ykdysadyýet boýunça olimpiada geçirildi

11:0323.04.2022
0
6475

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Lukmançylyk fizikasy we informatika» kafedrasynyň guramagynda sanly ykdysadyýet boýunça olimpiada geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, olimpiada uniwersitetiň hemme fakultetlerinden 23 talyp gatnaşdy.
Sanly ykdysadyýet boýunça geçirilen olimpiadada uniwersitetiň bejeriş fakultetiniň birinji ýyl talyplar ýeňiji bolmagy başardylar.

  • 1-nji orun — Abdyrahym Döwranow;
  • 2-nji orun — Aly Allaberdiýew;
  • 3-nji orun Laçyn Öjybaýewa.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti şeýle olimpiýadalary diňe özünde däl, eýsem, beýleki ýokary okuw mekdepleriň arasynda hem yzygiderli geçirip durýar. Mart aýynyň ahyryndan bäri fiziologiýanyň patologiýasy, gistologiýa, embriologiýa, sitologiýa we iňlis dili boýunça uniwersitetara olimpiadalar geçirildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň