Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

14:4822.04.2022
0
5404

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2022-2023-nji okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 27-nji aprelinde we 13-nji maýynda sagat 15:00-da geçiriljek «Açyk gapylar» gününe gatnaşmaga çagyrýar.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, «Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara institutda bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, bilim, bedenterbiýe we sport ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy, medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri barada giňişleýin gürrüň berler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 40-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 22-64-02, 22-65-47.

Elektron salgysy: tdbsi@sanly.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň