Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ХIII mejlisi 2023-nji ýylda Aşgabatda geçiriler

23:2120.04.2022
0
6150

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ХIII mejlisi 2023-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu barada degişli Karara gol çekdi ― diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Resminama assosiasiýanyň şu gün türkmen paýtagtynda geçirilen XII mejlisinde gol çekilendigini habar berýäris. Mejlisde bu guramanyň täze wezipeleri hem kesgitlenildi.

Ştab-kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän assosiasiýa 2010-njy ýylda esaslandyryldy. Häzir onuň dünýäniň dürli döwletlerinden 188 agzasy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň