Ispaniýanyň Hökümeti ýapyk binalarda raýatlaryň agyz-burun örtüklerini hökmany dakynmak çärelerini bes etdi. Bu çözgüt üstümizdäki ýylyň 20-nji aprelinden güýje girdi. Ýöne muňa garamazdan, ispan raýatlaryna hassahanalarda, dermanhanalarda, garrylar öýünde hem-de jemgyýetçilik ulaglarynda agyz-burun örtüklerini dakynmak zerurdyr.
Mir24 saýtynyň habar berşi ýaly, ispan Hökümetiniň beýle netijä gelmeginiň sebäbi ýurtda COVID-19 ýokanjy bilen kesellänleriň görnetin azalandygy bolup durýar. Şeýle-de ýurduň ilatynyň 85 %-niň 2 gezek ýokanja garşy sanjymy alandygyny bellemek bolar.