Aşgabat şäheriniň Köşi ýaşaýyş toplumyndaky jaýlara GPON tehnologiýasy arkaly internet birikdiriler

21:1317.04.2022
0
22263

Aşgabat şäheriniň Köşi ýaşaýyş toplumyndaky jaýlar GPON tehnologiýasy arkaly internet bilen üpjün ediler diýlip AŞTU-nyň resmi web saýtynda habar berilýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Taslama köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlaryna aragatnaşyk hyzmatlaryny häzirki zaman GPON tehnologiýasyny ulanmak arkaly birbada 3 sany, ýagny telefon aragatnaşygy, Internet we IP telewideniýe hyzmatlaryny hödür etmek üçin optiki-süýümli kabelleri çekmek işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar.

GPON tehnologiýasy, ýagny Gigabit passive optical network, aragatnaşyk beketlerinden müşderiniň öýüne barýan ugurda sandan çykmagy bilen tehniki bökdençlik döredip biljek goşmaça elektron iýmitlendiriş çeşmeleri bolmadyk passiw optiki ulgamlary gurmak AŞTU tarapyndan şäheriçi paýlaýyş aragatnaşyk torlaryny gurmagyň ileri tutulýan tilsimatlarynyň birine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň