Türkmenistanyň Prezidenti Katar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady

21:4116.04.2022
0
3933

Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Habarda «Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen degişli Resminama gol çekildi» diýlip bellenilýär.

Habar berlişi ýaly Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy bu toparyň başlygy wezipesine belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň