Türkmenabadyň «Gallaönümleri» kärhanasynda şu ýylyň ilkinji üç aýynda 11 müň 630 tonna un öndürildi: olardan 3 müň 847 tonnasy ýokary hilli, 7 müň 783 tonnasy birinji hilli undur. Bu barada jeyhun.news web saýtynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde mannyý ýarmasynyň 45 tonnasy, kepegiň 3 müň 514 tonnasy, öndürildi.
Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 80 müň tonna bugdaý ununy öndürmäge niýetlenendir. Şeýle-de, kärhanada 100 müň tonna dänäni saklamaga niýetlenen elewator bar.