Serdar Berdimuhamedow Daniýanyň Şa zenanyna gutlag hatyny iberdi

23:1416.04.2022
0
5477

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daniýanyň milli baýramy — Şa zenanynyň doglan güni mynasybetli Daniýanyň Şa zenany hanym Margrete II we ýurduň ähli halkyna ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Şa zenany Margrete II tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Daniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň