Arhiw

Aşgabatda somatiki kesellere garşy merkez gurlar

23:0215.04.2022
0
14477
Aşgabatda somatiki kesellere garşy merkez gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde gurlan täze köpugurly hassahananyň açylyş dabarasynyň dowamynda geçiren maslahatynda Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzüminde somatiki (çagalykdan galýan) kesellere garşy merkezi döretmegi teklip etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almagyň möhüm ähmiýetini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri degişli talaplara laýyklykda dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Somatiki kesellere garşy merkez Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň ýanyndaky boş ýerde gurlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň