Benzemanyň goly «Realy» Çempionlar ligasy bilen hoşlaşmakdan halas etdi

09:3013.04.2022
0
3388

Çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň jogap duşuşygynda Londonyň «Çelsi» kluby myhmançylykda Madridiň «Realyndan» üstün çykdy, emma iki oýnuň jemleri boýunça ýarym finala çykyp bilmedi.

Bu klublaryň arasyndaky Londonda geçirilen birinji oýun «Realyň» peýdasyna 3:1 tamamlanypdy. Jogap oýny barada aýdylanda, onuň esasy wagtynda «Çelsi» 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy. London klubundan Meýson Maunt (15-nji minut), Antonio Rýudiger (51) we Timo Werner (75) tapawutlandy. Ýer eýelerinden Rodrigo (80) gol geçirdi. Goşmaça wagtda Karim Benzema (96) «Realy» ýarym finala çykaran goly geçirdi. Umumy hasap — 5:4 boldy.

Belläp geçsek, «Real» Çempionlar ligasynyň 13 gezek ýeňijisi boldy.

Ýarym finalda «Real» «Mançester Siti» — «Atletiko» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar. «Çelsi» Çempionlar ligasynyň ýeňijisiniň adyny gorap bilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň