Turkish Airlines aprel aýynda ikinji ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar

00:0213.04.2022
0
16745

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Turkish Airlines awiakompaniýasy tarapyndan Stambul—Türkmenbaşy—Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.

Turkish Airlines awiakompaniýasy şu ýylyň mart aýynda üç sany ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirendigini bellemek gerek. Nobatdaky ýörite uçuş bolsa 2022-nji ýylyň aprel aýyndaky ikinji uçuşdyr. Şu aýyň dowamyndaky ilkinji uçar gatnawy 8-nji aprelde amala aşyryldy. Biz bu barada «Turkmenportal» web saýtymyzda habar beripdik.

Belläp geçsek, bütin dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlary 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň