Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Gyrgyzystana näçe mukdarda elektrik toguny eksport etdi?

21:1912.04.2022
0
1374
Türkmenistan Gyrgyzystana näçe mukdarda elektrik toguny eksport etdi?
surat: newscentralasia.net

2022-nji ýylyň fewral aýyndaky maglumatlara laýyklykda, Türkmenistan Gyrgyz Respublikasyna 94,313 million kWt elektrik energiýasy eksport etdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Energetika merkeziniň hasabatlarynda aýdylýar.

Gyrgyzystan 2021-nji ýylyň awgust aýynda türkmen elektrik energiýasyny satyn alyp başlady. Şol seneden bäri energiýa eksportynyň mukdary habarda ýerleşdirilen suratda görkezilýär.

Gyrgyzystanyň energetika ministriniň orunbasary Talaýbek Ibraýewiň žurnalistlere beren maglumatyna görä, gyrgyz tarapyndan satyn alnan türkmen gazy ýylylyk elektrik stansiýalarynda elektrik energiýasy öndürmek üçin ulanylýar.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň