Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysyna bürünç medal gowşuryldy

23:5408.04.2022
0
19951
Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysyna bürünç medal gowşuryldy

Lýuksemburgda hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasyndaky duşuşyklar tamamlandy. Ýaryşda Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy bürünç medala mynasyp boldy. Baýram Allaýarowyň şägirtleri dört duşuşykda 4 utuk toplap bildiler.

Taýwan bilen Lýuksemburgyň arasynda geçirilen duşuşykdan soňra Şaýbaly hokkeý boýunça halkara federasiýanyň (IIHF) wise-prezidenti Aýwaz Omorkanow Türkmenistanyň ýygyndysyna bürünç medallary we ýadygärlik nyşany gowşurdy.

Duşuşyklaryň 3 ― 8-nji aprel aralygynda Lýuksemburgyň Kokelşoýer şäherinde geçirilendigini ýatladýarys. Ýaryşda BAE-niň ýygyndysy birinji orny eýeläp, 2023-nji ýylda ikinji dwizionyň «B» toparçasynda ýaryşmaga hukuk gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň