Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýyla çenli Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa agentliginiň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

23:5508.04.2022
0
6962

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligine ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna badalga berler. Bu ýaşaýyş jaýlary 2024-nji ýylda gurlup ulanylmaga berler. Bu barada Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu günki geçirilen mejlisiniň dowamynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Gol çekilen resminama laýyklykda, ýaşaýyş jaý toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Ynamly hyzmatdaşlar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Täze gurulýan ýaşaýyş jaýlary «Türkmenaragatnaşyk» agentligine ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärlerine satylar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň