Serdar Berdimuhamedow pudaklaýyn maksatnamalary gözden geçirmegi tabşyrdy

23:2208.04.2022
0
9647

Dürli ýyllarda kabul edilen ähli pudak maksatnamalaryny seljermegi we bu maksatnamalary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna gabat getirmek üçin teklipleri taýýarlamak barada döwlet Baştutany şu günki geçirilen Hökümet mejlsiniň dowamynda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna barlag işlerini geçirmek üçin bir aý wagt berildi.

Şol bir wagtyň özünde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen uzak möhletleýin maksatnamalary göz öňünde tutup, degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň