Soňky habarlar

Arhiw

Russiýaly syýahatçylaryň Türkmenistana bolan gyzyklanmalary 270 göterim artdy

14:2508.04.2022
1
61696

Meşhur syýahatçylyk ugurlaryň arasynda Russiýadan Türkmenistana bolan gyzyklanmalar 2022-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda şu ýylyň fewral-mart aýlary bilen deňeşdirilende 270 göterim artdy.

Bu barada, OneTwoTrip seljeriş toparynyň berýän maglumatlaryna salgylanyp «Gazeta.ru» habar berýär.

Hünärmenler russiýalylaryň aprel aýyndaky ýörite uçuşlar baradaky pikirlerini öwrendiler we mart aýyndaky şuňa meňzeş habarlar bilen deňeşdirdiler.

Goňşy ýurtlaryň arasynda iň meşhur ýerler Türkmenistan (+ 270%) we Gazagystan (+ 130%). Syýahatçylyga isleg bildirilýän ýurtlaryň sanawynda Mongoliýa (+ 126%), Ermenistan (+ 122%) we Özbegistan (+ 95%) hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň