Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gullugynyň arasyndaky bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyna gol çekildi

20:1907.04.2022
0
18635

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna gol çekildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, Resminama diplomatik ýollar arkaly — Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň üsti bilen gol çekildi.

Gol çekilen resminama hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek, iki ýurduň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumaty alyşmagy guramagy ýola goýmak, işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça özara hereketleri kesgitleýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri daşary ýurtlaryň gümrük gulluklary we gümrük işi çygryndaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bolup durýar. Şoňa görä-de, goňşy we beýleki ýurtlaryň gümrük gulluklary, şeýle hem gümrük işi bilen baglanyşykly hereket edýän iri halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň şertnamalaýyn hukuk binýady 100-e golaý halkara şertnamalaryny öz içine alýar. 2021-nji ýylda onuň üsti ýene-de 3 sany halkara resminamalary bilen dolduryldy. Habarda bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan we Gazagystan Respublikalarynyň gümrük gulluklary bilen ikitaraplaýyn şertnamalar baglaşyldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň