Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärleri Gruziýanyň «Bir penjire» ulgamy bilen tanyşdylar

17:5505.04.2022
0
14101

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Gruziýanyň gümrük gullugynyň işgärleri bilen ikitaraplaýyn wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmakda tejribe alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web saýtynda habar berilýär.

Türkmen tarapynyň «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça Gruziýa döwletiniň tejribesine bolan gyzyklanmasy, bu döwletiň gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmakda we sanlylaşdyrmakda gazanan netijeleri hem-de onuň «Bir penjire» ulgamyny üstünlikli durmuşa geçiren ýurtlaryň hatarynda ilkinji orunlary eýeleýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu günki gün Türkmenistanda durmuşa geçirilýän «Eksport-import amallary üçin bir penjire» taslamasynyň utgaşdyryjy edarasy hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üçin bu ulgamy ornaşdyrmakda halkara öňdebaryjy tejribäni öwrenmek möhümdir.

Duşuşyga gatnaşyjylar «Bir penjire» ulgamynyň işi, bu ulgam arkaly gümrük taýdan resmileşdirme işleriniň guralyşy, hödürlenilýän hyzmatlar barada hem-de beýleki degişli soraglary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gruziýaly kärdeşler bular boýunça taýýarlanan prezentasiýalary we degişli materiallary bilen paýlaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygynyň ahyrynda taraplar özara tejribe alyşmagyň ähmiýetini belläp, şeýle duşuşyklaryň geljekde-de gurnalyp durulmagyna we ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ynam bildirdiler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň