Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda serhetüsti kagyzsyz söwda geçilişi ara alnyp maslahatlaşyldy

17:4505.04.2022
0
18696

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň kagyzsyz söwda ýardam bermek boýunça milli bilermeni Şageldi Soltanmämmedow bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda bolup geçen ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda serhetüsti kagyzsyz söwda ulgamyndaky tejribeleriň ornaşdyrylmagy babatda gümrük edaralarynda alnyp barylýan işlere baha berildi.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginde gümrük edaralaryna ornaşdyrylan «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmakda we elektron gurallary ornaşdyrmakda möhüm ähmiýetli boldy.

Häzirki wagtda hem, Döwlet gümrük gullugy elektron resminama dolanyşygyna geçmekde dünýä tejribesinde giňden ulanylýan Bir penjire ulgamyny ornaşdyrmak boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde çykyş etmek bilen, ýurdumyzda serhetüsti kagyzsyz söwda ulgamyny döretmekde maksada gönükdirilen işleriň durmuşa geçirýär. Bu taslamanyň 2023-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň