Soňky habarlar

Arhiw

Atitlan kölüniň düýbünden “maýýalaryň” gadymy şäheri tapyldy

15:5407.04.2022
0
3914

Gwatemalanyň günorta-demirgazygynda ýerleşýän Atitlan kölüniň düýbünden gadymy “maýýa” taýpasynyň şäheriniň üstünden baryldy. Alymlaryň pikirine görä, ol biziň eýýamymyzdan öňki V asyr bilen senelenýär diýip, Meksikanyň El Milenio gazeti ýazýar.

Gadymy şäher suw bilen gabalan adada ýerleşipdir, soňra onuň tektoniki süýşmeleriň netijesinde suwuň takmynan 20 metrlik çuňlugyna giden bolmagy mümkin. Sönen ýanardagyň ornunda ýerleşýän kölüň düýbünde dini merkezleriň, ýaşaýyş öýleriniň we beýleki binalaryň yzlaryny tapdylar. Alymlar şäheriň umumy meýdany 60 müň inedördül metre deň bolupdyr diýip çaklaýarlar.

Geljekde Atitlan kölüniň ýanynda muzeý gurmak meýilleşdirilýär, ol gadymy “maýýalaryň” durmuşy barada gürrüň berer, onda gadymy şäheriň sanly nusgasyny hem görkezmek isleýärler.

Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň