Top.Mail.Ru

Türkmenistanda howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça wise-premýer wezipesi ýapyldy

22:0306.04.2022
0
14016

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Ç.Amanowa ýüzlenip, onuň ýurduň raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, döwletiň howpsuzlygyny we goranmak ukybyny pugtalandyrmakda, hukuk tertibini üpjün etmekde harby we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde uly işleri durmuşa geçirendigini belledi we oňa Watanyň hem-de halkyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrina laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzüminiň guramaçylyk meselesine hem seretmegi makul hasaplaýandygyny aýtdy.

Soňra döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesiniň ýapylýandygyny aýdyp, Ç.Amanowy başga işe geçmegi sebäpli, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşatdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň