«Liwerpul» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy

09:3306.04.2022
0
5184

Angliýanyň «Liwerpul» futbol topary UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşygynda «Benfikany» uly hasap bilen ýeňdi. Lissabon şäherinde geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýurgen Kloppyň şägirtleri birinji ýarymda ýer eýeleriniň derwezesinden iki pökgi geçirdiler: 17-nji minutda Ibraim Konate, 34-nji minutda Sadio Mane tapawutlandy.

Ikinji ýarymda ýer eýeleri Darwin Nunýesiň goly bilen bir gezek jogap berdiler (49-njy minut). Ýöne 87-nji minutda «Liwerpul» Luis Diasyň goly bilen ýeňşini has-da berkitdi. Indi 13-nji aprelde boljak jogap duşuşygynda olar has arkaýyn çykyş edip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň