Arhiw

Serdar Berdimuhamedow «Türkmennebit» döwlet konserniniň täze başlygyny wezipä belledi

22:1005.04.2022
0
7926
Serdar Berdimuhamedow «Türkmennebit» döwlet konserniniň täze başlygyny wezipä belledi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen baglanyşykly geçiren maslahatynyň dowamynda Guwanç Agajanowy «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow G.Agajanowy döwlet konserniň başlygy wezipesine bellemek baradaky degişli resminama gol çekip, oňa nebit çykarmagyň meýilnamasyny doly ýerine ýetirmek, nebit guýularynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, täze nebit guýularyny işe girizmek, ýakyn iki ýylda nebitiň goşmaça möçberlerini çykarmak babatda kabul edilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Mundan öň, Guwanç Agajanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde zähmet çekýärdi. Döwlet konserniniň başlygy wezipesinde 2020-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Güýçgeldi Baýgeldiýew işleýärdi.

Maslahatyň dowamynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmek meselesini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gaýtadan işleýän kärhanalary çig nebit bilen üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu işlerde konserniň başlygyna üstünlikleri arzuw etdi.

Belläp geçsek, Türkmenistanda her ýyl «Türkmennebit» döwet konserni tarapyndan on million tonna nebit öndürilýär. Häzirki wagtda ýurtda nebit öndürýän daşary ýurt kompaniýalaryndan Dragon Oil, Petronas we beýlekiler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň