Kazanda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellenildi

16:3905.04.2022
0
5844

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullugy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy. Bu barada türkmen wekiliýetiniň web saýtynda habar berilýär.

Tatarystanyň halklaryň dostlugy öýünde dabaraly konsert geçirildi. Bu ýerde türkmen, rus, tatar, gazak, özbek, ermeni, eýran we beýleki medeniýetleriň çykyşlary taýýarlandy.

Baýramçylyk dabarasynda daşary ýurtlaryň diplomatik bölümleriniň, Medeniýet ministrliginiň, Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle-de daşary ýurtly we türkmen talyplary gatnaşdylar.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Baş konsuly «Ýaş diplomat» bäsleşigine gatnaşyjylar bilen duşuşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň