Soňky habarlar

Arhiw

Sanly.tm portalyna täze mümkinçilikler girizildi

14:5204.04.2022
0
16989

«Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy Sanly.tm saýtynyň ýerine ýetirýän wezipelerini, onuň mümkinçiliklerini görnetin giňeltdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda saýta täze bölümçeler we hyzmatlar girizildi.

Indi Sanly.tm portalynyň ulanyjylary elektron poçta (mail.sanly.tm) bilen birlikde, Döwlet hyzmatlary portalyndan (e.gov.tm), «Belet Film» onlaýn kinoteatryndan, «Horjun TV» multi platformasyndan peýdalanyp, şeýle-de Türkmenistanyň we dünýäniň möhüm täzeliklerini türkmen hem-de rus dillerinde okap bilerler. Bulardan başga-da, saýtyň has ykjam bolmagy üçin sanly platformanyň işine howa maglumaty we gözleg ulgamy ýerleşdirildi.

Belläp geçsek, Sanly.tm portaly ilkinji gezek 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Halkara sergide köpçülige tanyşdyryldy.

Bu taslama Türkmenistanyň ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatdaky syýasatynyň çäklerinde ýurduň dürli pudaklaryna onlaýn hyzmatlary giňden ornaşdyrmak arkaly üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň