Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda "Sanly.tm" atly milli elektron-poçta hödürlendi

18:1905.12.2020
0
28932
Türkmenistanda "Sanly.tm" atly milli  elektron-poçta  hödürlendi

Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara serginiň çäginde "Türkmenaragatnaşyk" agentligi "Sanly.tm" atly täze milli elektron poçtanyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

"Sanly.tm" atly täze häzirki zaman elektron-poçtasy «Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan biziň ýurdumyzda elektron hyzmatlaryna bolan islegiň artmagy bilen baglanyşykly döredildi we işe girizildi.

"Sanly.tm", häzirki zaman poçta hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän modullary öz içine alýar, şol bir wagtyň özünde milli äheňde düzülen dizaýny bar. Bir ulanyja berilýän poçta gutusynyň ululygy 1 GB-deňdir.

Programmada şu  aşakdaky aýratynlyklar bar:

  • poçta;
  • senenama;
  • salgy kitaby;
  • bellikler kitaby;
  • söhbetdeşlik.

Elektron-poçta hyzmatlary ulanyjylara ulanmaklyk üçin mugt berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň