Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Hindistanyň Prezidentiniň maşgalasy üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlady

23:2502.04.2022
0
9749
Türkmenistan Hindistanyň Prezidentiniň maşgalasy üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlady
surat: Türkmenmetbugat

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet sapary mahalynda ýanynda bolýan maşgalasy hanym Sawita Kowind üçin aýratyn medeni maksatnama taýýarlanyldy.

TDH-niň habar berşi ýaly, myhman zenan, ilki bilen, paýtagtymyzdaky «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde boldy we milli däpler esasynda toý-dabaralaryň geçiriliş aýratynlygy bilen tanyşdy. Şeýle hem ol Aşgabat şäheriniň ajaýyp seýilgähleriniň birinde gezelenç etdi.

Hanym Sawita Kowind özi üçin işlenip taýýarlanylan medeni maksatnamanyň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary bilen hem tanyşdy we «Gül Zaman» toý mekanyna baryp gördi. Bu ýerde oňa milli tagamlar hödürlenildi. Şeýle hem toý mekanynda milli lybaslaryň görkezilişi boldy. Agşamlyk bolsa myhman zenan Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelip, paýtagtymyzyň özboluşly agşamky görnüşlerini synlady.

Şu gün bolsa hanym Sawita Kowind söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezine baryp gördi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň