Futbol boýunça dünýä çempionatynyň senenamasy paýlaşyldy

18:3902.04.2022
0
13690

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) şu ýyl geçiriljek dünýä çempionatynyň senenamasyny paýlaşdy. Bu barada guramanyň resmi saýty habar berýär.

Deslapky senenamany PDF görnüşde şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz.

Çempionatyň şu ýylyň 21-nji noýabry ― 18-nji dekabry aralygynda Katarda geçiriljekdigini ýatladýarys. Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde «A» we «B» toparçalardaky duşuşyklar geçiriler.

Umuman, dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry 21-nji noýabrda başlap, 2-nji dekabrda tamamlanar. 3 ― 6-njy dekabr aralygynda 1/8 final, 9 ― 10-njy dekabr günlerinde ¼ final, 13-nji we 14-nji dekabrda ýarym final duşuşyklary geçiriler. Ýaryşyň üçünji ornunyň eýesi 17-nji dekabrda belli bolar. Dünýäniň nobatdaky çempionyny bolsa 18-nji dekabrda geçiriljek final duşuşygyndan soň bileris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň