Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Lýuksemburga ugrady

11:4002.04.2022
0
14335

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy şu gün dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasyndaky duşuşyklara gatnaşmak üçin Aşgabat şäherinden Maýn boýundaky Frankfurt şäherine ugradylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Milli ýygyndymyz Germaniýa baransoň, awtobus bilen Lýuksemburg şäherine gider. Hut, şu ýerde-de ertir çempionatdaky ilkinji duşuşyk ― Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysy bilen duşuşyk geçiriler.

5-nji aprelde ildeşlerimiz buzly meýdança ýer eýeleri ― lýuksemburglylar bien çykar. 7-nji apreldäki garşydaşlarymyz Taýwanyň ýygyndysy bilen bolar. Çempionatdaky ahyrky duşuşygymyzy bolsa şondan bir gün soň Türkiýäniň ýygyndysy bilen geçireris.

Çempionata gatnaşmak üçin milli ýygyndymyzyň hataryna 20 hokkeýçiniň çagyrylandygyny ýatladýarys. Olaryň 17-si «Galkanyň» hokkeýçileridir, şol sanda olaryň ikisi ― Kerimli Çaryýew bilen Rahman Myradow derwezeçidir. «Galkandan» başga-da, milli ýygyndymyz «Şir» toparyndan goragçy Öwezguly Esenow bilen hüjümçi Arslan Amanow, «Oguzhandan» goragçy Nikita Awdeýew wekilçilik edýär.

Umuman, Lýuksemburga giden wekiliýetimiziň düzüminde 26 adam bar. 6 adam resmi wekiller, tälimçiler we lukmanlardyr.

Eger türkmen hokkeýçileri toparçada birinji orny eýeläp bilseler, indiki ýyl ikinji dwizionyň «B» toparçasynda ýaryşmaga hukuk gazanarlar. Her ýyl geçirilýän hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň ýygyndylaryň tertibine görä, birnäçe dwiziona bölünýändigini ýatladýarys.

Türkmen hokkeýçileri dünýä çempionatyna ikinji gezek gatnaşýarlar. Olaryň ilkinji çykyşy 2019-njy ýylda Bolgariýanyň Sofiýa şäherinde bolupdy we şonda ildeşlerimiz toparçada 6 ýygyndynyň arasynda üçünji orny eýeläpdiler. Şol gezek gezek toparçamyza Ýewropa, Aziýa we Afrika wekilçilik eden ýygyndylar goşulypdy.

Türkmen hokkeýçileri baş tälimçi Baýram Allaýarowyň ýolbaşçylygynda halkara üstünlikleri hem gazandy. Ildeşlerimiziň 2017-nji ýylda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VIII Aziýa oýunlarynyň çägindäki hokkeý ýaryşlarynyň ikinji dwizionynda altyn medala mynasyp bolandygy bellärliklidir. Şondan bir ýyl soňra ildeşlerimiz Bosnýa we Gersegowinanyň Saraýewo şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Bu üstünlik türkmen hokkeýçilerine 2019-njjy ýyldan başlap, dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň