Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy

22:5331.03.2022
0
12641

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Resminamasyna laýyklykda, Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, degişli Karara Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň