Türkmenistanyň Hökümet agzalarynyň mejlisinde berlen tabşyryklara laýyklykda, ýurtda Bütindünýä saglyk güni we Türkmen bedewiniň milli baýramy dürli sport we medeni çäreler bilen baýram ediler diýip, türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär.
Ýeri gelende bellesek, Bütindünýä saglyk güni 7-nji aprelde bellenilýär we Türkmenistanda giňden bellenilýän baýramçylyklaryň hataryna girýär. Baýramçylygyň çäklerinde köpçülikleýin welosiped ýörişleri we beýleki sport çäreleri geçirilýär, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dabaralar gurnalýar. Olaryň hatarynda türgenleriň görkezme çykyşlaryny, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary we duşuşyklary, milli sport görnüşleri boýunça bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlary we beýlekileri ýatlamak mümkin. Ähli stadionlarda, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde meýdançalarda, şeýle-de bilim edaralarynyň sport meýdançalarynda şeýle häsiýetli çäreler geçirilýär.
Türkmen bedewiniň milli baýramy apreliň soňky ýekşenbesinde baýram edilýär. Baýramçylygyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň maslahaty, ýurduň atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklary we baýramçylyk dabaralary, şeýle-de «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly Halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we wideoşekilleride şöhlelendirmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirilýär.