Aşgabat şäherinde Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 14-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, paýtagt şäheri bagy-bossanlyga öwürmek we onuň ýaşaýjylarynyň, myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Hususan-da, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde, suw çüwdürimlerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş işleri, dürli görnüşli bezeg agaçlaryny, gülleri ekmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, wise-premýer Aşgabatda ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bag nahallarynyň oturdyljak ýerlerini we ekiljek nahallary taýýarlamak boýunça zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny belledi.
«Baýramçylyk çäreleri, şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasy bilen bagly paýtagtymyzda bezeg işlerini geçirmek, abadanlaşdyrmak işlerini dowam etdirmek, baýramçylyk dabaralaryna gowy taýýarlyk görmek zerurdyr» diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.