Turkmenportal logo
15.03.25
2313523135
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni giňden belleniler
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni giňden bellenilerSurat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 14-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda aýdyldy.


Hasabatda bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar. Şeýle-de bu ýerde dürli sergileri ýaýbaňlandyrmak, türkmen halkynyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlary, aýdym-sazly dabaralary guramak meýilleşdirilýär.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.


Döwlet Baştutany wise-premýere ýurduň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda Milli bahar baýramyna bagyşlanan çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.