Soňky habarlar

Arhiw

Senegalyň futbol ýygyndysy Müsürden üstün çykyp, dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

01:1030.03.2022
0
3175

Senegalyň milli ýygyndysy 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda oýnar. Ilkinji oýunda Müsür Senegaly 1:0 hasabynda ýeňdi, jogap oýnunda bolsa Senegal şol bir hasap bilen ýeňiş gazandy, goşmaça wagtda toparlar gol geçirmedi. Penaltilerde Senegal milli ýygyndysynyň oýunçylary üstünlik gazandylar — 3:1.

Müsüriň “Liwerpuldaky” oýunçysy Muhammet Salah penaltiden peýdalanyp bilmedi. Onuň topardaşy senegally Sadio Mane aýgytlaýjy penaltiden dürs peýdalandy.

Şeýlelik bilen, Senegalyň milli ýygyndysy Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar. Müsüriň milli ýygyndysy bu ýaryşy sypdyrar.

FIFA dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda Katarda geçiriler. Senegal dünýä çempionatynda yzly-yzyna ikinji gezek oýnar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň