Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

13:4229.03.2022
0
9583

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary ilkinji türkmen kompozitory Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert berdi.

Tenor Meýlis Myratgeldiýew bilen Begenç Gaýybow konsertde türkmen operasynyň düýbüni tutan Daňatar Öwezowyň saýlama eserlerini ýetiren ýetirdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Wokalçylaryň iki hem Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Aman Amanowdan sapak alýarlar.

Konserti alyp baryjy Meýlis Myratgeldiýewiň talyby Keýik Artykowa konserde gatnaşyjylary ussat kompozitoryň ömri we döredijiligi bilen tanyşdyrdylar.

Konserdiň başynda Meýlis Myratgeldiýew «Leýla» aýdymyny, Begenç Gaýybow bolsa «Ýok, ýok» liriki aýdymy ýerine ýetirdiler. Soňra Konsertde «Dilberjan», «Gyzlar» aýdymlary bilen birlikde D.Öwezowyň we A.Şapoşnikowyň

«Şasenem-Garyp», D.Öwezowyň we Ý.Meýtusyň «Leýli-Mejnun» operalaryndan arialar hem-de ariozalar ýaňlandy.

Dabara hormatly myhman hökmünde Daňatar Öwezowyň gyzlary Aýlar Aýna hem gatnaşdylar. Olaryň ikisem kakasynyň adyny göterýän orta hünär mekdebiniň mugallymlary.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň