Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatdaky döwlet sazly-drama teatrtynda «Demir aýal» atly täze oýun sahnalaşdyrylýar

12:3328.03.2022
0
4596

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda özbek dramaturgy Şaraf Başgekowyň pýesasy esasynda «Demir aýal» atly täze oýun sahnalaşdyrylýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berilýär.

Täze oýunda beýan edilýän wakalaryň esasynda zenanyň durmuşdaky orny, maşgala agzalarynyň gündelik aladalary, birek-birege bolan hormaty açylyp görkezilýär. Alijan Hemraýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylýan täze eserinde söýgi atly mukaddes duýgynyň gymmaty, maşgala mukaddesligi beýan edilýär.

«Demir aýal» atly täze sahna eserinde Gülälek Jumaýewa, Gülbahar Gurbangulyýewa, Aman Akyýew, Bagsere Röwşenowa ýaly teatryň tejribeli artistleri dürli häsiýetdäki keşpleri janlandyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň