Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry

0
117821
Salgysy:
г. Туркменабад, ул. Битарап Туркменистана 91
Telefon belgiňiz:
8004-22-6-17-44, касса 8004-22-6-06-40.
Soňky täzelenme:

Teatryň salgysy: Türkmenabat şäheriniň Bitarap  Türkmenistan köçesiniň 91-nji jaýy. 

Teatryň telefon belgileri: kabulhana 8004-22-6-17-44, kassa 8004-22-6-06-40.


Teatryň döredijilik ýolunyň ilkinji sahypasy 1979-njy ýylyň 29-njy dekabrynda Nazar Geldiýewiň «Seýdi» atly spektakly bilen (režissýory Abdylla Ýakubow) dabaraly ýagdaýda açyldy.

Teatryň ilkinji döredijilik toparyny Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr institutynyň 19 sany uçurymy düzdi. Şol artistleriň hatarynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyrberdi Atabaýew, Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew, Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Begjan Gylyjow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Annamuhammet Gurbanow, Züleýha Hatamowa, Aşyr Rahmanow, Maral Durdyýewa, Artyk Babalyýew, Altyn Hojaýewa, Mülkaman Orazow, Oguldöndi Berdiýewa, Hezret Öwezow, Mülkaman Hojaýew, Baýram Berdiýew, Juma Berdiýew, Muhammet Ataýew, Myrat Baýymow, Ogulbike Rejebowa, Atamyrat Ataýew hem-de Berdi Amansähedow ilkinji spektakllaryň döredilmegine, teatryň öz ýoluny tapmagyna we tomaşaçylaryň oýunlara tomaşa etmäge uly höwes bilen gelmeklerine özlerini mynasyp goşantlaryny goşdular.

Dürli ýyllarda teatrda Türkmenistanyň halk artisti Kümüş Hezretkulyýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Baýram Ataýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Daňatar Gurbanow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gurban Bazarow, Şamyrat Baýramow, Gara Durdyýew, Begdurdy Halykow, Aman Muhammedow, Narjan Berdiýewa, Tagan Gurdow, Hemra Orazgeldiýew, Mamagül Gurbanowa, Dilaram Hatamowa, Geldimyrat Mämmedow, Bazargül Jumaýewa, Ýagşygül Açylowa, Durdy Nyýazberdiýew, Arzygül Nyýazberdiýewa, Aýşa Öwezowa, Rejepgül Döwletowa, Gözel Gurbanowa, Gülsere Jumaýewa, Bibihal Mämmedowa, Tylla Ýakubowa, Çary Gurbanow, Mahym Taşowa, Maýa Ýoldaşowa, Sergeý Zinçenko, Çary Nurmyradow, Hezret Atabaýew, Ýagşygeldi Aşyrow, Öre Orunow, Gurbandurdy Öwezow, Tejen Ýegennazarow, Eset Babaýew, Myrat Hasanow, Maksat Agalyýew, Şeýda Allaberdiýewa, Eziz Döwletow, Döwran Joraýew, Şöhrat Atabaýew, Oguljeren Jumakowa ýaly artistler asylly zähmet çekip, özleriniň döreden ýatda galyjy keşpleri bilen teatr tomaşaçylaryny begendirdiler. 

1982-nji ýylda teatra serkerde, watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň ady dakyldy. Soňky dürli ýyllarda Daşkent şäheriniň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr institutyny tamamlan uçurymlar bu teatrda döredijilik ýoluna başladylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň halk artisti Babageldi Rejepow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Öwlüýaguly Hojagulyýew, Rozmyrat Şaýmerdanow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kakageldi Garajaýew, Hudaýberdi Palikeýew, Jumagül Palikeýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Babamyrat Aşyrow, Gözel Çommyýewa, Haýthal Altyýewa, Oguljan Açylowa, Azat Mämmedow, Nazira Hojagulyýewa, Gülälek Şaýmerdanowa, Bagsere Röwşenowa, Gülbahar Gurbangulyýewa, Myrat Hekimow, Dilaram Nurmamedowa, Alijan Hemraýew, Çemengül Şükürowa, Batyr Ýazow, Gandym Annadurdyýew, Gülhan Hümmiýewa, Pälwan Çaryýew, Serdar Jumakulyýew, Aman Jumageldiýew, Mähri Öwlüýakulyýewa, Narjemal Hojamkulyýewa, Şükür Taganow, Emelaý Hudoýarowa, Çary Hemraýew, Rozmyrat Öwezow ýaly artistleri bar. Bu artistleriň aglabasy häzirki döwürde-de teatrda zähmet çekýärler.

Häzirki wagtda teatrda 100-den gowrak sahna oýunlary sahnalaşdyryldy. Şol sahna eserlerinde bagtyýar döwrümiziň beýik ýeňişleri, ajaýyp ynsan häsiýetleri töwerekleýin açylyp görkezilýär. Şoňa görä-de, bu sahna eserleri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Teatryň bu günki adygan artistleri halypa artistleriň ussatlyk, kämillik ýol-ýörelgelerine eýerip, ýaş artistler bilen egin-egne berip, zähmet çekip, teatryň döredijilik üstünliginiň täze sahypalaryny ýazýarlar.

Teatr adamzat medeniýetiniň esasy gymmatlyklarynyň biridir. Teatr sungaty özboluşly sungat. Teatr çyn eserleriň, çyn zehinleriň üsti bilen örüsini giňeldýär. Teatr tomaşaçylardan öňde ýöreýär, ony yzyna düşürip, gözellikler dünýäsine alyp gidýär. Tomaşaçy teatryň üsti bilen öz artykmaçlygyny, kemçiligini görýär. Kalbyndaky soraglaryna jogap tapýar. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen teatrynyň halkara gatnaşyklary has-da ösdi. Alys-u-ýakyn halklaryň teatrlary bilen tanyşmaga, olaryň oýunlaryna tomaşa etmäge giň şertler döredi. Türkmen teatry ýaş nesli ahlak taýdan terbiýeleýän, halkymyzy dünýä hem-de milli ruhy genji-hazynalarymyz bilen tanyşdyrýan medeniýet ojagydyr.

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet drama teatry hem öz höwesjeň, kämil tomaşaçylary bolan şeýle medeniýet ojaklarynyň biridir.


Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler