Soňky habarlar

Arhiw

Kanadanyň futbol ýygyndysy 36 ýyldan soň dünýä çempionatyna gatnaşar

10:0028.03.2022
0
3066

Kanadanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýamaýkany 4:0 hasabynda utup, şu ýyl Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Kanadanyň gollaryny Kaýl Larin, Teýjon Býukenen we Junior Hoýlett geçirdi. Dördünji pökgini bolsa Ýamaýkanyň futbolçysy Adrian Mariappa öz derwezesine geçirdi.

Şeýlelikde, Kanada KONKAKAF-daky saýlama duşuşyklaryň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda dünýä çempionatyna hukuk gazandy. Ýygyndy yzda galan duşuşyklarda 28 utuk toplady.

Şeýlelikde, Kanadanyň ýygyndysy taryhynda ikinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar. Olar mundan ozal 1986-njy ýyldaky mundiala gatnaşypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň