Hytaý agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmekden ýüz öwürdi

14:4826.03.2022
0
6404

Hytaýyň Agyr atletika assosiasiýasy sportuň bu görnüşi boýunça 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmekden ýüz öwürdi. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Hytaý tarapy gurama dünýä çempionatyny başga döwletde geçirmegi teklip etdi. IWF-niň ýerine ýetiriji komiteti ýaryşy kabul etjek başga bir döwleti gözleýär. Gyzyklanma bildirýän islendik assosiasiýa ýaryşy kabul etmek üçin 15 günüň dowamynda resmi hat bilen çykyp biler.

Hytaýdaky dünýä çempionaty şu ýylyň 18 ― 27-nji sentýabry aralygynda Çunsin şäherinde geçirilmelidi. Hytaý agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny mundan ozal 1995-nji ýylda kabul edipdi.

Ýaryşyň geçen ýyl Daşkent şäherinde geçirilendigini ýatladýarys. Türkmen paýtagtynda bolsa bu ýaryş 2018-nji ýylda geçirildi. Şol ýyl türkmenistanly agyr atletikaçy Ýulduz Jumabaýewa 45 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň