Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti täze wise-premýer belledi

21:2425.03.2022
0
21003

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak meselelerine hem garaldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Muhammetguly Muhammedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurduň maliýe we ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine belledi.

Muhammetguly Muhammedow 2013-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň maliýe ministriniň orunbasary, 2014 - 2017-nji ýyllarda maliýe ministri wezipelerinde işledi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň