Soňky habarlar

Arhiw

Tatarystanyň ilkinji Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi

15:2325.03.2022
0
913

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mintimer Şaýmiýew Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady. Gutlag «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Onda şeýle setirler bar:

«Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli Sizi gutlamaga örän şatdyryn.

Sizi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň üstünlikli ösüşini üpjün eden görnükli kakaňyzyň mynasyp dowamatysyňyz. Siziň baý iş tejribäňiziň we bilimiňiziň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň doganlyk halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Şeýle hem Sizi Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn. Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat we iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň